Türkmenistanda ilkinji gezek elektron sanly gollar ulanylyşa girizilýär

485
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýylyň 14-nji martynda geçirilen altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahatynda kabul edilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda hem görkezilişi ýaly, ýurtda elektron resminama dolanyşygynyň ornaşdyrylmagy netijesinde döwlet dolandyryş tejribesinde ilkinji gezek elektron sanly gollar ulanyşa giriziler. Kanunda elektron sanly gol baradaky wajyp kadalar hem öz beýanyny tapýar. Elektron sanly gol elektron resminamanyň umumy bölegini düzýän maglumaty hem-de elektron resminamanyň hakykylygyny we bitewüligini tassyklamak üçin niýetlenendir.
Kanuna laýyklykda, elektron sanly goly fiziki şahslar, şol sanda ýuridik şahslaryň ygtyýarly wekili, bellenilen talaplary berjaý etmek bilen, edinip biler. Elektron sanly goly edinmek üçin, elbetde, kämillik ukyplylygy zerur şertleriň biri bolup durýar. Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlaryň elektron sanly goluň serişdelerini edinmegi, sertifikaty almagy we elektron sanly goluň şahsy açaryndan peýdalanmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Elektron sanly gola eýelik etmek üçin elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinden sertifikat alynmalydyr. Sertifikatyň eýesi diýlip, onda görkezilen elektron sanly goluň açyk açaryna laýyk gelýän elektron sanly goluň şahsy açaryna kanuny eýelik edýän, adyna sertifikat berlen fiziki ýa-da ýuridik şahsa aýdylýar. Hatda daşary ýurt sertifikaty bar bolan elektron sanly gol hem Türkmenistanyň çäginde halkara şertnamalara laýyklykda, elektron sanly gol diýlip ykrar edilýär. Geljekde Türkmenistanda ýörite elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezleri dörediler. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahs ýada ýuridik şahsyň aýrybaşgalanan düzüm birligi elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi bolup biler. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň döredilmegi üçin milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk resminamalary esasynda berlen ýörite rugsatnamanyň bolmagy hökmany şertdir. Zerur bolan halatynda döwlet edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, degişli pudagyň we sebitiň kärhanalaryna, edaralaryna we guramalaryna, şol sanda fiziki şahslara hyzmatlary edýän öz elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezlerini döredip biler.
Resmileşdirilen her bir elektron sanly gol üçin elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezinden sertifikat almak zerurdyr. Kanunda sertifikatlary bermegiň, ýatyrmagyň, yzyna almagyň, gabamagyň we dikeltmegiň düzgünleri berkidilýär. Elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkezi sertifikatyň eýesiniň berlen resminamalardaky şahsy maglumatlarynyň kanunçylyga laýyklykda goralmagyny üpjün edýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42